
Türkmenistan - Türkiýe: ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda
- 2023-12-07 11:01:17
- Panbarhat Fabrigi
Düýn ýurdumyzda türkmen daýhanlarynyň
ajaýyp zehinini we zähmetini, dogduk mekanynyň sahylylygyny görkezýän Hasyl
baýramy giňden bellenilýär.
Ýaňy ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mejlisler zalynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň
tabşyrygy boýunça şu ýyl iň ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerini
sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna
laýyklykda, olara «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly
sowgatlar gowşuryldy.
Häzirki döwürde Watanymyz ösüşiň we abadançylygyň ýolunda
bedew bady bilen öňe barýar. Halkyň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini
yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli
durmuşa geçirilýär. Alnyp barylýan ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistan
dünýäde çalt ösýän ýurtlaryň birine öwrüldi.
Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlary
bilen bir hatarda, oba hojalygynyň ösmegine hem aýratyn üns berilýär. Munuň
şeýledigine oňa iň täze tehnologiýalaryň, ylym we tehnologiýanyň iň soňky
üstünlikleriniň we ösen ýurtlaryň öňdebaryjy tejribeleriniň giňden
ornaşdyrylýandygy aýdyň şaýatlyk edýär.
Hasyl baýramy mynasybetli hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň
edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna Gutlag iberdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda Hasyl
toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giň gerimde bellenilmegi çuňňur
many-mazmuna eýedir. Bu baýram merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip
gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragynyň öndüren hasylyna bolan
buýsanjynyň aýdyň beýanydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal
zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.
Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda oba hojalyk işgärleriniň,
daýhanlaryň ýokary öndürijilikli işlemekleri, toprakdan bol hasyl öndürip,
halal zähmet bilen baýamaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtady.
Oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösdürip
ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň
daýanjy bolan ýokary öndürijilikli döwrebap, kuwwatly oba hojalyk tehnikalary,
enjamlar we gurallar yzygiderli satyn alynýar. Daýhanlar topragyň berekedini
artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar, ekinleriň zyýankeşlerine
garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär.
Önüm öndürijiler bilen tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda
geçirilýär.
Şeýle hem şu gün milli senenamanyň möhüm senesine – Hasyl
baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Köpetdagyň eteginde Halkara Ahalteke
atçylyk toplumynyň golaýynda ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamak üçin
häzirki zaman athanasynyň açylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna
laýyklykda, bu desganyň gurluşygy «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň
buýurmasy esasynda «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasyna ynanyldy.